Mar 20, 2024 13:35 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň ýokary lideri: 1403 ýyly;

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, 1403-nji ýylyň başy mynasybetli eden ýüzlenmesinde, eýran halkyny esasanam janaýamazlaryň maşgalalaryny we Nowruzy hormatlaýan ähli halklary Nowruz baýramy bilen gutlap, Täze ýyly "adamlaryň gatnaşmagynda önümçiligiň ösüş" ýyly diýlip atlandyrdylar.

Ýolbaşçynyň gullugynyň maglumat bazasynyň beren habaryna görä; Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy şehitleriň we şehitleriň ymamyna hormat goýmak bilen we Eýran halkyna tebigatyň we ruhy taýdan iki çeşmeden peýdalanmagyny arzuw etmek bilen, 1402-nji ýylyň süýjüligine we ajylygyna gysgaça göz aýladylar we şeýle diýdiler: geçen ýylyň süýjülikleri we hoş habarlarynyň arasynda möhüm ylmy we tehnologiki ösüşler, infrastruktura önümçiligi, dürli ýygnaklarda adamlaryň ep-esli bolmagy, esasanam Kuds güni we 22-nji Bahman güni, Esfand saýlawlarynyň ygtybarly we aman geçirilişi we dürli ykdysady we syýasy ugurlarda hökümetiň halkara hereketidir.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi 1402-nji ýyldaky ajy habarlaryň arasynda halkyň ykdysady we eklenç meselelerini atlandyrmak bilen şehit Soleýmanyň ýyl dönüminde Kermanda bolup geçen ajy waka, Sistanda we Bulujystanda bolan suw joşmasy we soňky aýlarda howpsuzlyk işgärlerine garşy bolup geçen wakalar geçen ýylyň beýleki ajy wakalarynyň hataryndady, emma Gaza wakasy iň köp hasap edilmeli ajy wakadyr diýip beýan etdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy geçen ýylky şygaryna salgylanyp, inflýasiýanyň öňüni almak we önümçiligiň ösüşiniň ugrundaky işler gowydy, ýöne ýeterlik bilmedileri we şeýle möhüm meseläniň bir ýylyň içinde doly durmuşa geçirilmegine garaşmaly däldigini aýtmak bilen täze ýylda ýurduň esasy meselesi henizem "ykdysadyýet"dyr diýip nygtap geçdiler.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi sözleriniň dowamynda, Ykdysady hünärmenleriň pikirlerini jemläňde, ýurduň ykdysady meselelerini, şol sanda "inflýasiýa", "iş üpjünçiligi" we "milli walýutanyň gymmaty" ýaly meseleleri çözmegiň açary "önümçilik" meselesidir we şol sebäpli soňky birnäçe ýylda önümçilik meselesine bil baglandy diýip aýdyp geçdiler.

Hezretleri şeýle-de şoňa laýyklykda täze ýylda önümçilik meselesine-de bil baglaýarys we önümçilik meselesinde ýokary ösüşe garaşýarys diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary derejeli lideri, ykdysadyýetde we önümçilik pudagynda adamlar bolmasa önümçiligiň ösüşiniň mümkin däldigini aýtmak bilen adamlaryň önümçilik pudagynda bolmagyndaky päsgelçilikleri aýyrmaly we adamlaryň uly mümkinçiliklerini işjeňleşdirmeli diýip sözlerine goşdylar.