Mar 24, 2024 18:52 Asia/Ashgabat
  • Eýran we Oman, Gaza zolagynda jenaýatlaryň öňüni almak üçin halkara guramalarynyň goşulyşmagynyň zerurdygyny nygtaýarlar

Eýran Yslam Respublikasynyň we Omanyň Daşary işler ministrleri biri-biri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Genosid sionist režimiň Palestina ezilen halkyna, esasanam Gaza zolagynda has köp jenaýatyň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiliginiň çalt we çynlakaý gatyşmagynyň zerurdygyny aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleri "Huseýin Amir Abdollahian" we "Badar bin Hamad Albusaidi" şu gün ýekşenbe güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde genosid sionist režiminiň Gaza zolagynda dowam etdirýän jenaýatlarynyň dowamyny esasanam basyp aljy Sionist režimiň wagşy we adamkärçiliksiz hereketleri şol sanda Şafa keselhanasynyň gabawyny we näsaglaryň we lukmançylyk işgärleriniň öldürilmegini ýazgardylar.

Huseýin Amir Abdollahian we Badar bin Hamad Albusaidi şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we berkitmek islegine ünsi çekdiler.

Soňky birnäçe onýyllykda Eýran bilen Omanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe birek-birege hormat we bähbitlere esaslanýar.

Tags