Mar 26, 2024 13:26 Asia/Ashgabat
  • BMG Howpsuzlyk Geňeşinde ýaraşyk ylalaşygynyň global derejede kabul edilmegi

Ysraýylyň Gazada alty aýlap dowam eden genosidinden soň BMG Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Gaza zolagynda ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky kararyň dünýä tarapyndan garşy alyndy.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň 14-si, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalarynyň Gazada gyssagly ot açyşlygy bes etmek baradaky kararyna oňýn ses berdiler we ony goldadylar we Amerika bolsa bu geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde ses bermekden saklandy we şeýlelik bilen Gazada ot açyşlygy bes etmek karary tassyklandy.

Girew alnanlaryň haýal etmän we şertsiz boşadylmagy we Gaza zolagyna ynsanperwer elýeterliligiň kepili bu kararyň şertleriniň biridir.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gazada gyssagly ot açyşlygy bes etmek baradaky kararynyň kabul edilmegini garşy aldy we bu guramanyň sionist režime boýun egmegini we palestinalylara garşy genosidi we etnik arassalanmagy bes etmegini isledi.

Ysraýylyň Gaza hüjümleri başlaly bäri gyssagly ýaraşygyň döredilmegini nygtaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, Howpsuzlyk Geňeşiniň Gaza zolagynda ot açyşlygy bes etmek baradaky çäresini ýeterlik däl hasaplady we bu rezolýusiýany tassyklamakdan has möhüm ädim, ony durmuşa geçirmek we sionist režimiň Gaza we Günbatar Şeriýa garşy hüjümlerini duruzmak we Gazanyň rehimsiz gabawyny doly ýok etmekdir diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanan kararyň ýerine ýetirilişine ünsi çekdiler.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen hem BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gazada gyssagly ot açyşlygy bes etmek we ähli tussaglaryň boşadylmagyny talap edýän kararyň kabul edilmegini garşy aldy we bu rezolýusiýanyň durmuşa geçirilmegi ähli raýatlary goramak üçin möhümdir diýip yglan etdi.

Düýä ýurtlary BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gazada gyssagly ot açyşlygy bes etmek baradaky kararyny garşy alandyrlar.

Bu aralykda Sionist režimiň Ministrler Kabineti, ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna weto goýmazlygy sebäpli öz wekiliýetiniň Waşingtona meýilleşdirýän saparynyň ýatyrylandygyny habar berdi we Ysraýyl delegasiýasynyň Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafahdaky operasiýany ara alyp maslahatlaşmagy barada Waşingtona etjek sapary ýatyryldy diýip yglan etdi.

Sionist režimiň öňki premýer-ministri Ehud Barak ABŞ-nyň hereketine Tel Awiw bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklarda "çuňňur krizisiň" alamaty hökmünde baha berdi.

Ak tamyň Howpsuzlyk Geňeşiniň strategiki aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi, ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna weto goýmazlygy sebäpli Ysraýyl delegasiýasynyň Waşingtona meýilleşdirilen saparynyň ýatyrylmagyna jogap hökmünde ony "lapykeç" diýmek bilen Waşingtonyň ses bermekden saklanmagy "syýasatymyzyň üýtgemegini görkezmeýär" diýdi.