Mar 26, 2024 17:55 Asia/Ashgabat

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Parlamentara bileleşigiň 148-nji mejlisiniň çäginde Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň wekili, Parlamentara bileleşigiň we Goşulmazlyk hereketiň Gaza zolagyny goldamakdaky möhüm roluna ünsi çekdi.

Mojtabi Ýusuf, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Parlamentara bileleşigiň 148-nji ýygnagynyň çäginde "Goşulmazlyk" hereketiniň parlament bölüminiň mejlisinden soň "Eýranpress" habarçysy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Parlamentara bileleşigi we Goşulmazlyk hereketi ýaly halkara guramalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jenaýatçy sionist režimi ýazgarmak we basyp alyjy sionist režimi tarapyndan palestinalylaryň genosidini duruzmak mümkindir diýdi.

Mojtabi Ýusuf, Birleşen Milletler Guramasynyň we adam hukuklaryny goraýjylaryň işini ýitirendigini aýtmak bilen gynansagam, häzirki ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Gaza zolagynda sionist režimi tarapyndan 32 müňden gowrak palestinaly, şol sanda aýallar we çagalar genosidine garşy täsirli bolmadylar diýdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Assambleýasy tarapyndan gurnalan Goşulmazlyk Hereketiniň altmyş agza ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda bu guramanyň agza ýurtlarynyň parlament bölüminiň üçünji ýygnagy Parlamentara bileleşiginiň 148-nji mejlisiniň çäginde we Mojtabi Ýusufiniň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň parlament wekiliýetiniň gatnaşmagynda Žewada geçirildi.

180-den gowrak agzasy bolan, şol sanda Eýrandan wekiliýetiň gatnaşmagy bilen, "parlament diplomatiýasy, parahatçylyk we düşünişmek üçin köpri gurmak" şygary bilen Bütindünýä Mejlisara Bileleşiginiň ýygnagy, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde, 2024-nji ýylyň 23-nji martynda başlandy we 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli dowam eder.

Tags