Mar 28, 2024 17:16 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Palestina halkyna garşy genosidiniň tassyklanmagyna Eýranyň reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary BMG-nyň sionistler tarapyndan palestina halkynyň genosidi baradaky hasabatyndan soň hökümetler we halkara guramalar taryhda höküm ediljekdigini aýtdy.

BMG-nyň Palestina adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Françeska Albanese sişenbe güni Žewadaky BMG Adam Hukuklary Geňeşine Gaza zolagy baradaky hasabatyny hödürledi we sionist režimmiň bu zolakda genosid alyp barýandygy barada netijä geldi.

Bu hasabaty okandan soň, onlarça diplomat ony goldadylar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi X sosial ulgamdaky bu habara jogap berdi we "Sionist režimiň palestinalylara garşy genosid jenaýaty BMG-nyň ýörite hasabatçysy tarapyndan tassyklandy we aýdyňlaşdyryldy" -diýdi.

Kanani Çafi sözüniň üstüni ýetirdi: "milli hökümetler we halkara syýasy we hukuk ýygnaklary we guramalary indi diňe bir dünýä jemgyýetçiliginiň pikirine däl, eýsem taryhyň hökümine-de sezewar edilýär; Indi adam, kanuny we taryhy jogapkärçiligini ýerine ýetirermi? "

7-nji oktýabrdan bäri Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen Sionist režim Gaza zolagynda we Günbatar Şeriýada Palestiniň goragsyz we ezilen halkyna garşy köpçülikleýin gyrgynçylyk etdi we Halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklary guramalarynyň Ysraýylyň jenaýatlary bilen baglanyşykly dymmagy, bu bikanun režimiň söweş enjamy bilen palestinaly aýallaryň we çagalaryň öldürilmeginiň dowam etmegine sebäp boldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, 7-nji oktýabrda Gaza zolagynda sionist režimiň jenaýatlary başlaly bäri 32,552 palestinaly şehit boldy we 74,980 adam ýaralandy, olaryň köpüsi aýallar we çagalardyr.