Mar 28, 2024 19:29 Asia/Ashgabat
  • Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretarynyň  mertebesi belent Ýolbaşçy bilen duşuşygy

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, çarşenbe güni Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary jenap Ziad al-Nakhale we ýanyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda ýakynda Yslam Jihadynyň ýeňşini gutlady we ýetmiş ýyl ozalky bilen deňeşdirilende häzirki sionist regimeimiň şertleri gaty tapawutlydyr diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda häzirki wagtda sionist duşman passiw we reaksiýa ýagdaýynda, bu ýagdaý Palestina Yslam Jihadynyň we garşylyk toparlarynyň ýoly dogry kesgitländiklerini we bu ugurda öňe barýandyklaryny görkezýär diýiop beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň Ýokary lideri şeýle-de , jan aýamazlyk bolmasa uly maksatlara ýetip bolmaýandygyny we beýik işleri bitirip bolmajakdygyny aýdyp häzirki wagtda Taňrynyň merhemeti bilen palestinaly garşylyk toparlarynyň we Yslam Jihadynyň güýji we ygtybarlylygy günsaýyn artýar we 5 günlük söweşde sionist režimiň ýeňilmegi muny tassyklaýar diýip nygtap geçdiler.

Yslam jihadynyň we beýleki palestinaly garşylyk toparlarynyň sionist režime garşy göreşmegiň esasy açaryny tapandyklaryna ünsi çekip,  Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky garşylyk toparlarynyň barha artýan güýji, sionist duşmany dyzyna getirmegiň açarydyr we bu ýol dowam etmelidir diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri, palestinaly söweşiji toparlaryň syýasy we meýdan arenasyndaky hereketleriň bitewiligi ugrundaky hereketlerine ýokary baha berdiler we Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina halkyna berýän goldawynyň dowam etmegine ünsi çekdiler.

Bu duşuşykda, Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary jenap "Ziýad Al-Nakhale", Palestina Yslam Respublikasynyň yzygiderli goldawyna we alyp barýan göreşlerine minnetdarlyk bildirip, basyp alnan Palestindäki soňky wakalar, esasanam Gazadaky 5 günlük söweşde sionist režimiň ýeňilmegi we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky şertler we agdyklyk edýän toparlar barada barada hasabat berdi.

Yslam jihady Gazadaky söweşden buýsanç bilen çykdy we ýakyn wagtda Kuds Şerifiň azat edilmegini göreris diýip umyt edýäris diýip "Ziýad Al-Nakhale" sözüne goşdy.