Apr 01, 2024 12:37 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň bilen Müsüriň daşary işler ministrleri Rafaha garşy basyp alyjy režimi tarapyndan çozmagynyň öňüni almagyň zerurlygyny nygtadylar

Eýranyň we Müsüriň daşary işler ministrleri Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafaha Kudsy basyp alan režiminiň çozmagynyň öňüni almak üçin halkara guramalarynyň täsirli çärelerine ünsi çekdiler.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian we Müsüriň Daşary işler ministri Sameh Şukri telefon arkaly söhbetdeşlikde sionist režimiň Gaza zolagyna eden wagşyçylykly hüjümi bilen baglanyşykly soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar we palestinaly aýallaryň, çagalaryň we parahat ilatyň öldürilmegine we bu sebitdäki gumanitar ýagdaýa alada bildirmek bilen Ysraýyl  režiminiň Gazadaky däli hüjümlerini, esasanam Howpsuzlyk Geňeşiniň soňky kararynyň ýerine ýetirilmegi üçin edilýän tagallalaryň we syýasy we diplomatik hereketleriň dowam etmegi şeýle hem, tutuş Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryna halkara ynsanperwer kömegini ibermegiň zerurdygyny aýtdylar.

Eýranyň we Müsüriň daşary işler ministrleri, sionistleriň Palestina halkynyň Gaza zolagyndan mejbury göçmegi baradaky meýilnamasyna garşy çykmak bilen, Gazanyň günortasyndaky Rafahda Kudsy basyp alan režiminiň çozmagynyň öňüni almak üçin halkara guramalar tarapyndan netijeli çäreleriň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Amir Abdollahian we Şukri soňky aýlarda Eýran bilen Müsüriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky oňyn wakalary gözden geçirdiler we iki ýurduň syýasy ýolbaşçylarynyň islegine esaslanyp gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada maslahatlaşdylar.

Tags