Apr 09, 2024 12:29 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili: Amerika Gazadaky genosidi goldamakda ähli abraýyny sarp etdi

Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli abraýyny sionist režimiň Gazadaky genosidini goldamak üçin sarp edendigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani" düýn (duşenbe) Palestina bilen baglanyşykly bu halkara guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde eden çykyşynda "Ysraýyl režiminiň halkara düzgünlerini äsgermezlik etmegi, yzygiderli bombalamagy we Gazanyň halkyna garşy genosidiň dowam etmegi bilen, halkara ylalaşyklaryna we Howpsuzlyk Geňeşiniň 2728-nji kararynyň tassyklanmagyna garamazdan, sebitdäki weýrançylykly ýagdaý dowam edýär we Gaza zolagynda howpsuzlyk we ynsanperwerlik ýagdaýy hasam güýçlenýär" diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ýokary derejeli diplomaty, Gazadaky wagşyçylykly hereketleriň we genosidiň, şeýle hem halkara kanunlarynyň yzygiderli bozulmagynyň Birleşen Ştatlaryň aç-açan razyçylygy we ähli taraplaýyn syýasy, maliýe we harby goldawy bolmazdan mümkin däldigini aýtmak bilen, Waşington Howpsuzlyk Geňeşinde ikiýüzli oýun oýnaýar; 22-nji martda Russiýa we Hytaý tarapyndan weto goýlan karar taslamasyny teklip etmek bilen, asyl maksady ylalaşyk esasynda tekst taýýarlamak däldi, ABŞ Rafahda harby operasiýa geçirmek üçin Ysraýyla ýaşyl yşyk bermegi maksat edinýärdi diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili şeýle-de ABŞ weýran ediji rol oýnamak bilen, ýaraşygyň döredilmeginiň öňüni almak üçin ähli syýasy we diplomatik gurallary ýapdy diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi, Sionist režimiň halkara borçnamalaryna we Howpsuzlyk Geňeşiniň ýaraşyk baradaky kararlaryna boýun egmeýändigini ýatlatdy we Ysraýyl režiminiň halkara derejesinde jezalandyrylmaga sezewar edilmelidigini aýtdy.

Irwani, şeýle hem Ysraýyl režiminiň Damaskdaky Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik desgalaryna eden terrorçylykly hüjümi we bu hüjümde ýedi harby işgäriň şehit bolmagy barada gürrüň gozgap, bu hereket bilen Ysraýyl režimi Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, halkara kanunlaryny, özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we Siriýanyň territorial bitewiligini aç-açan bozdy bu bolsa halkara jemgyýetçiliginiň umumy ýörelgesi, ýagny diplomatik we konsullyk işgärleriniň we ýerleriniň eldegrilmesizligi üçin çuňňur utançdyr diýip beýan etdi.

Tags