Apr 15, 2024 16:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili: Eýranyň Ysraýyla beren jogaby zerur we deňagramly bolandyr

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Eýran Yslam Respublikasynyň sionist režime jogap bermeginiň zerurdygyny we deňagramlydygyny aýtmak bilen, dartgynlylygyň ýokarlanmagynyň ähtimallygyny azaltmak we parahat ilata zyýanyň öňüni almak maksady bilen diňe harby nyşanalara zarba urandygyny aýtdy.

Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani Howpsuzlyk Geňeşiniň Günbatar Aziýa sebitindäki ýagdaýlar baradaky mejlisinde Howpsuzlyk Geňeşiniň käbir agzalarynyň  Ysraýyl režiminiň Siriýadaky Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik desgalaryna eden harby hüjümlerini ýazgaranlardan şeýle hem, Eýranyň şeýle aýylganç hüjümlere jogap bermek hukugyny ykrar edenlerden mynnetdarlyk bildirdi.

Irwani, Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň Ysraýylyň harby nyşanalaryna raketalar we pilotsyz uçarlar bilen hüjüm edendigini aýtmak bilen, bu çäre, Sionist režimiň gaýtalanýan harby çozuşlaryna, esasanam bu režimiň 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasyna garşy Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik desgalaryna garşy  eden harby hüjümlerine jogap hökmünde edildi diýdi.

Eýranyň ýokary derejeli diplomaty, Eýran Yslam Respublikasynyň işiniň Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasynyň 51-nji maddasynda görkezilen we halkara hukugy tarapyndan ykrar edilýän öz-özüni goramak hukugynyň ýerine ýetirilişine laýyklykda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Irwani, gynansak-da, ABŞ, Angliýa we Fransiýa ýaly Howpsuzlyk Geňeşiniň käbir agzalarynyň hakykata gözüni ýummak we häzirki ýagdaýa sebäp bolan düýp sebäpleri äsgermezlik etmek kararyna gelendigini aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili şeýle-de Amerikanyň, Angliýanyň we Fransiýanyň ikiýüzli hereketde sebitdäki parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmediklerine garamazdan, ýalandan Eýrany günäkärlediler diýdi.

Tags