Apr 16, 2024 10:24 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian:  kanuny goranyş we Sionist režimini jezalandyrmak Eýranyň ýeke-täk çäresidi

Eýranyň Daşary işler ministri, sionist režimeimiň harby pozisiýalaryna garşy Eýranyň ýaragly güýçleriniň amala aşyran hereketini kanuny goranyş we halkara hukugynyň çägindedigini aýtdy.

Sionist režimiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümine jogap hökmünde Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy ýekşenbe güni irden (14-nji aprel) ýüzlerçe uçarmansyz uçar we raketa bilen basyp alynan sebitlere garşy hüjüme geçdi we bu hereker dünýä metbugatynyň ünsini üzüne çekendir.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Howpsuzlyk Geňeşiniň netijesizligi we Ysraýyl režiminiň Damaskdaky Eýranyň ilçihanasyna eden hüjümini ýazgarmnlygy üçin Sionist režime garşy gaýtawul bermekden başga çäre galmady diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasy bu operasiýany has giň radiusda amala aşyryp bilse-de, Sionist režimiň harby pozisiýalarynyň diňe Eýranyň Damaskdaky ilçihanasyna hüjüm edilen ýerini nyşana aldy diýip Amirabdullahian sözüne goşdy.

Antonio Guterres hem, Eýran Yslam Respublikasynyň Ysraýyl režimine garşy alyp barýan işlerine salgylanyp, sebitdäki konfliktlere gatnaşýan taraplardan saklanmaklaryny isledi.

 

Tags