May 06, 2024 15:45 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy: Bu ýylky Haç, jenaýatkär Sionist  duşmanyna we onuň tarapdarlaryna bizarlyk bildirmek Hajydyr

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Gazada bolup geçen uly waka hemde ganhor sionist režimiň jenaýatlaryna yşarat edip Gurhan kerimiň şeýle-de Hezreti Ybraýymyň(a.s) adynyň we ýadynyň hormatyna üstümizdäki ýylyň hajy, jenaýatkär Sionist duşmanyna we onuň tarapdarlaryna bizarlyk bildirmek Hajy bolmalydyr diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şu gün(duşenbe) haç jogapkärleriniň we işgärleriniň şeýle-de hajylaryň bir toparynyň duşuşygynda eden çykyşynda Gazadaky häzirki wakalary taryh üçin mydamlyk ölçeg hasaplap Sionist režimiň guduz itlerçe wagşyçylykly hüjümleri we ol bir tarapdan gazanyň zulum astyndaky milletiniň çydam görkezmegi taryhda mydamlyk galar we umumadamzat üçin ýolgörkezijidir diýip beýan etdiler. ol hezretleri sözüniň dowamynda Gazadaky wakalaryň taýsyz we haýran galdyryjy netijesini musulman bolmadyk ýurtlarda we Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda we ýene başga ýurtlarda gördik bu bolsa taryhy ölçegleriň alamatlaryndandyr diiýp açykladylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Gazada bolup geçen uly wakanyň we pajuganyň garşysyndaky Yslam Ymmatynyň wezipesine yaşarat edip Hezreti Ybraýym(a.s) diýsen mähriban we ýumşak ýürekli ynsandy emma bu ylahy pygamber zalym duşmanlaryň garşysynda gaty durup açyk suratda duşmanlygyny yglan edendir diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, eziji duşmanlar bilen dostlugy düýbünden gadagan edýän Gurhanyň aýatlaryna salgylanyp, sionist režiminiň musulmanlar bilen duşmançylyk edýän anyk mysal hemde Amerikany hem bu režimiň hemaýatçysy hasapladylar.

Amerikanyň kömegi bolmadyk bolsa, sionist režimi musulman halkyna, aýallaryna we çagalaryna rehimsiz çemeleşmäge güýji we batyrlygy bolardymy? diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sorag berdiler.