Apr 11, 2020 21:36 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary lideri Liwanly talyplara şeýle maslahat berýär: özüňizi Adamkärçilikden we ahlakdan paýly bolan dünýäsini döretmäge taýynlaň

Liwandaky Al-Mahdi mekdeplerinde "Lidere hat" atly bäsleşik geçirilenden soň, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna Liwanly talyplaryň hatlar ýygyndysy hödürlendi we Ýolbaşçy bu hatlara jogap berdiler.

Aýatolla Hameneýiniň eserlerini gorap saklamak we neşir etmek bölüminiň maglumat bazasynyň "Yaşlar we rewolýusiýanyň lideri" bölüminiň maglumatyna görä, Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Liwanly talyplara päk duýgulary babatly minnetdarlygyny bildirip olary ylym öwrenmeklige, imanly bolmaklyga we hudaýdan gorkmaklyga çagyrdylar.

Aýatolla Hameneýi, Liwanly talyplary has gowy geljege taýynlanmaga we has ygtybarly, adamkärçilikli we ahlakly dünýä döretmäge çalyşmaga çagyrdydylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri,ahyrda Liwanly talyplaryň bagtyny Hudaýdan soradylar.

Tags