Sep 15, 2020 17:46 Asia/Ashgabat
  • Bahreýn bilen BAE Pars aýlagy sebitindäki sionist režiminiň durnuksuzlygy üçin jogapkärdirler

Eýran döwletiniň metbugat wekili, Pars aýlagynda sionist režimiň durnuksuzlyk döretmegi barada duýduryş bermek bilen Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we sebitdäki Ysraýyl režimine gapy açan islendik dňwletleri günäkärlemek bilen bu işiň yzgelimleri olaryň boýunynadyr diýdi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Tähranyň basyp alyjy sionist režim bilen gatnaşyklary resmileşdirmek üçin islendik ädimini möhüm strategiki ýalňyşlyk hasaplamak bilen elbetde, şeýle hereketler sebitdäki musulmanlaryň bu şertnamalara boýun bolýan adamlaryň erbet maksatlary baradaky düşünjesini artdyrar diýdi.

Rabiei, çagany öldürýän sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň sebitdäki parahatçylyga we durnuklylyga goşant goşmajakdygyny aýtmak bilen Sionistler bilen ylalaşmak isleýän ýurtlar, onuň yzgelimlerine doly jogapkär bolmalydyrlar diýdi.

Eýran dňwletiniň metbugat wekili şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň basyşy astynda amala aşyrylýan sionist režim bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy sebitiň halkynyň bähbidine däl-de eýsem Donald Trumpyň kampaniýasynyň bähbidinedir diýdi.

Tags