Nov 25, 2020 19:16 Asia/Ashgabat
  • Yslam Ynkylabynyň ýokary lideri: Basij, Eýran halkynyň ägirt uly baýlygy we Hudaý tarapyndan berlen ätiýaçlygydyr

Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Basiji guramasynyň döremeginiň ýyl dönüminde bu güýji Eýran halkynyň ägirt uly baýlygy we Hudaý tarapyndan berlen ätiýaçlygy diýip atlandyrdylar.

Şu gün (çarşenbe), 2020-nji ýylyň 25-nji noýabry, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýni(ra) hezretleriniň buýrugy bilen Basij guramasynyň döremeginiň ýyl dönümidir.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý hezretleriniň çarşenbe güni çap edilen hatynda: Basij merhum Ymamyň beýik we ajaýyp ýadygärligi, milli abraýyň we arassalygyň, yhlasyň, düşünjäniň we göreşiň sergisidir diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri:ýurdy goramak we garaşsyzlygy we durnuklylygy goramak, milli derejede wajyp hyzmatlarda, öňdebaryjy ylmy işlerde we täze tehnologiýalarda, gymmatlyklara çemeleşmekde we ruhy atmosfera döretmekde Basijiň ady hemme ýerde agzalýar we barlygy görünýär diýdi.

Aýatolla Hameneýi hezretleri sargydynyň dowamynda imanyň we tutanýerliligiň, jogapkärçilik duýgusynyň we özüne bolan ynamyň bu ukyplaryň esasy binýadydygyny görkezip, sözüni dowam etdirdi:Bular Taňrynyň şüküranalyrydyr we  Hudaýyň bereketlerini we merhemetleri hemişe gorymak we artdyrmak gerekdyr diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Basijiň Eýran halkynyň ägirt uly baýlygy we Hudaý tarapyndan berlen ätiýaçlykdygyny belläp: “Bu halkyň duşmanlary ony ýok etmek ýa-da netijesiz etmek barada şu mahal we hemişe pikir edýärler diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi hezretleri şeýle hem guramaçylyk işgärleri we eziz Basijileriň her biri özlerini duşmanyň hilelerini ynam, yhlas we meýilnama bilen puja çykarmaga  borçlydyrlar diýip nygtadylar.

Tags