Mar 01, 2022 22:27 Asia/Ashgabat
  • Başar al-Assad sebitdäki wakalar barada Eýran bilen gepleşikleri dowam etjekdigini nygtady

Siriýanyň prezidenti we Eýranyň Daşary işler ministriniň Syýasy meseleler boýunça uly kömekçisi, geçiren duşuşyklarynda sebitdäki wakalar, şeýle hem Astana prosesiniň we Siriýanyň konstitusiýa komitetiniň çäginde Siriýanyň syýasy prosesiniň we milli gepleşikleriň dowam etdirilmegini goldamak barada gürrüň etdiler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça uly kömekçisi "Ali Asgar Haji" sişenbe güni Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşanda meýdandaky ýagdaýy we Siriýanyň hökümeti bilen beýleki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň açylmagyny ýatlap: Günbatar ýurtlary tarapyndan Siriýany izolýasiýa etmek syýasaty başa barmady diýdi.

Haji şeýle-de Daşary işler ministrleriniň ýygnagyny, şeýle hem Tähranda Astana prosesini kepillendirýän döwlet baştutanlarynyň ýygnagyny geçirmek meselesi gün tertibinde durýar we dowam etdirilýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň uly kömekçisi we Siriýanyň prezidenti şeýle hem Ukrainadaky soňky wakalar, we krizisi döretmekde ABŞ we NATO-nyň tutýan orny we sebit we halkara netijeleri barada pikir alyşdylar.

Siriýanyň prezidenti sebitdäki we dünýädäki çalt ösüşlere, şeýle hem Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky strategiki gatnaşyklara ünsi çekip, iki ýurduň arasynda, esasanam sebitdäki ösüş nokatlarynda gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Tags