Mar 03, 2022 10:59 Asia/Ashgabat
  • Nasrollah: Mejlis saýlawlary wagtynda geçiriler

Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary ýurduň parlament saýlawlarynyň wagtynda geçiriljekdigini we ony yza süýşürmek baradaky käbir synanyşyklaryň şowsuz bolandygyny aýtdy.

Liwanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 2022-nji ýylyň 15-nji maýy, bu ýurtda parlament saýlawlarynyň geçiriljek günidir.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä Liwanyň Hizbullah hereketiniň baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah çarşenbe güni agşam Al-Manarda ýaýlyma beren çykyşynda Liwan saýlawlaryna we bu ýurtdaky soňky wakalara ýüzlendi.

Seýed Hasan Nasrollah: Saýlawlaryň yza süýşürilmegine şübhe atmosferasyny döretmek bir otagdan dolandyryldy, ýöne bu mesele gutardy we saýlawlar wagtynda geçiriler diýdi.

Seýed Hasan Nasrollah şeýle-de:" Biz bardyrs, gorarys we gurarys " bu, biziň saýlaw şygarymyz bolar diýdi.

Liwanyň prezidenti Mişel Aoun mundan ozal bu ýurduň parlament saýlawlary baradaky soňky pozisiýasynda şeýle diýdi: Parlament saýlawlary wagtynda geçiriler we saýlawlary yza süýşürmek karary baradaky myş-myşlara gulak asmaly däl.

Liwan resmileriniň ynamy boýunça Indiki parlament saýlawlary ABŞ we Saud Arabystany ýaly käbir ýurtlaryň gatyşmagy sebäpli yza süýşürilse, Liwanyň häzirki ykdysady we syýasy problemalary hasam güýçlener.

Tags