Nov 23, 2023 13:31 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministri Liwan mejlisiniň başlygy bilen bolan duşuşygynda Amerika we Ysraýyl öz maksatlaryna ýetmezden atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar diýdi.

Palestinanyň Yslam garşylyk hereketi "Hamas" we Ysraýyl režimi 45 gün dowam eden söweşden soň dört günlük wagtlaýyn atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar.

Sebit saparynyň ilkinji nokady hökmünde çarşenbe güni Beýruta baran Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Palestina garşylygy liderleri we Liwan mejlisiň başlygy Nabih Berri bilen maslahatlaşandan soň, Liwan hökümetiniň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Liwanyň mejlisiniň başlygy Nabih Berri bilen bolan duşuşygynda ABŞ-nyň içindäki hünärmenleriniň baha bermegine görä Al-Aqsa tupan operasiýasyndan soň sionist režimiň görlüp-eşidilmedik içerki çökgünlige sezewar bolandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Amerika, Sionist režimiň hyýaly şygarlary we hyjuwly arzuwlary hasyl bolar ýaly, sionist režimiň tarapynda kesgitli we şertsiz durdy emma indi ABŞ Ysraýyl režiminiň şygarlaryny ýerine ýetirip bilmeýär we häzirki ýagdaý dowam edip bilmeýär diýen netijä gelendir, netijede yglan edilen maksatlarynyň bir bölegine ýetmän wagtlaýyn atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar diýdi.

Amir Abdollahiýan şeýle-de Gazanyň we Palestiniň geljegi Amerika we Sionist režimi tarapyndan däl-de, Palestina halky tarapyndan kesgitlener diýip sözlerine goşdy.

Bu ýygnakda Liwan mejlisiniň başlygy Eýran Yslam Respublikasyna Palestina berk syýasy goldaw berendigi we Eýranyň Gazada we sebitde bolup geçýän wakalar babatynda paýhasly roly üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Gazanyň içindäki garşylyk we palestina halky, Sionist režimiň Palestina raýatlaryna garşy eden ähli jenaýatlaryna garamazdan söweş meýdanyny öz peýdasyna dolandyrmagy başardylar diýdi.

Tags