Jan 08, 2024 14:34 Asia/Ashgabat

Ýemen häkimiýetleri Amerikanyň bu ýurda garşy metbugat urşuny sionistleriň Gazada eden jenaýatlaryndan sowmak taktikasy hasapladylar.

Geçen hepdelerde Ýemen goşuny, Palestina halkynyň we Gazanyň halkynyň garşylyk hereketini goldamak bilen, Gyzyl deňziň we Bab al-Mandab bogazynyň basyp alan ýerlerine gidýän birnäçe sionist gämini nyşana aldy.

Birnäçe gün ozal Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ýemen goşunynyň Gyzyl deňizdäki hereketlerine garşy durmak üçin deňiz koalisiýasyny döredendigini öňe sürdi. Emma Fransiýa, Ispaniýa we Italiýa koalisiýadan çykandygyny tassyklamak bilen ABŞ-a söweş gämilerini bermekden ýüz öwürdiler.

Düýn (ýekşenbe) Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň agzasy "Muhammet Ali Al-Huti" X sosial ulgamynda iberen habarynda Bab Al-Mandab bogazyndan geçýän gämilerden, Sionist režim bilen baglanyşyklarynyň ýokdugyny yglan edýän plakatlary goýmaklaryny isledi.

Al-Huti şeýle-de BBC bilen söhbetdeşlik geçirdi, şol ýerde programmanyň alyp baryjysyna akylly jogaplary berdi.

Bu Ýemen resmisi Ýemen bilen Palestiniň arasyndaky geografiki aralygy görkezen BBC alyp baryjysynyň "Gazada bolup geçýän zatlar, Ýemen bilen näme baglanyşygy bar?" diýen  soragynyň jogaby hökmünde, Ysraýyly goldamak üçin müňlerçe kilometre gelen Baýden, Makron we Sonak Netanýahunyň goňşularymy? diýdi.

Mundan başga-da, Ýemeniň bu resmisi, Ýemeniň Gazany goldaýan hereketlerini ähmiýetsizleşdirmäge synanyşan alyp baryjysynyň aýdanlaryna jogap edip, hiç zat gazanyp bilmedik bolsak, näme üçin Amerika bize garşy koalisiýa döretmäge synanyşýar? Mundan başga-da, ysraýyllylaryň özleri basyp alan Palestina portlarynyň hereketden düşenligi barada gürleşýärler diýdi.

Tags