Feb 21, 2024 19:51 Asia/Ashgabat
  • Kataryň sionist režimi tankyt etmegi;

Kataryň Halkara hyzmatdaşlygy ministri "Lulua Al-Hater" Ysraýyl žurnalistleri nyşana almakda we öldürmekde rekord goýdy diýip gynanç bildirdi.

Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy söweşiniň bäşinji aýy tamamlanýar. Bu söweş sionist režimiň Gazanyň halkyna garşy genosidine sebäp boldy. žurnalistler Sionist režimiň nyşana alnan zorlugyna giren toparlaryň arasynda bolýandyrlar. Basyp alyjy sionist režimi soňky bäş aýyň içinde Gaza eden hüjüminde 127 žurnalisti şehit etdi.

Statistikalar sionist režimiň her gün diýen ýaly bir palestinaly žurnalisti öldürýändigini görkezýär. Ysraýylyň žurnalistleri we habar beriş serişdeleriniň wekillerini nyşana almagy Ysraýyl goşunynyň Gazany basyp alan ilkinji günlerinden bäri aýdyň görünýär. Halkara guramalarynyň hasabatyna görä, Sionistleriň Gazadaky hüjüminiň ilkinji aýynda azyndan 39 žurnalist şehit etdi. bu san Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky bir ýarym ýyllyk söweşde ölenleriň sanyndan iki esse köpdi. şonuň üçin bu döwür 2023-nji ýylda,žurnalistler üçin iň ganly aý diýlip atlandyryldy

Halkara žurnalistler federasiýasynyň baş sekretary Entoni Belanger bu barada halkara metbugatyna beren interwýusynda Siriýa, Yrak we öňki ýugoslawiýa ýaly nusgawy söweşde bolup geçen wakalarda žurnalistleriň beýle öldürilmegini görmändigimizi aýdyp bilerin diýdi.

žurnalistlere garşy edilen jenaýat halkara ynsanperwerlik kanunlaryna laýyklykda uruş jenaýaty hasaplanýar we žurnalistleri we parahat ilaty bilkastlaýyn nyşana almak uruş jenaýaty hasaplanýar.

Ýene bir mesele, halkara jemgyýetçiligi Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlary hakda dymmak bilen ,basyp alyjy režimiň jenaýatlarynyň dowan etdirilmegine sebäp bolýandyr.

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde pida bolan palestinalylaryň sany soňky 24 sagatda 118 adam artyp 29 müň 313 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň 138 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.Beýannamada, soňky hüjümlerde 118 adamyň şehit bolandygy we sebitde pida bolanlaryň sanynyň 29 müň 313 adama ýetendigi bellenildi.Ysraýyl režimiň howpsuzlyk güýçleriniň soňky hüjümlerinde ýene-de 163 adamyň ýaralanandygy, 7-nji oktýabrdan bäri ýaralananlaryň jemi sanynyň 69 müň 333 adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 

 

Tags