Mar 04, 2024 12:49 Asia/Ashgabat

Liwanyň Hizbullah hereketi duşenbe güni irden eden çykyşynda sionist režimiň güýçlerine göni raketa hüjümi bilen hüjüm edendigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Hizbullahyň beýanynda: Ysraýyl güýçleriniň Ramiş obasynyň golaýyndaky Wadi Katmoun sebitinde raketa hüjümi bilen nyşana alnandygy we bu raketalaryň nyşana göni urlandygy aýdylýar.

Şeýle hem Hizbullah, Malikiýanyň "harby" bazasynyň töweregindäki sionist duşman güýçlerini minomýot bilen nyşana alandygyny we bu hüjümleriň nyşana gönüden-göni zarba urandygyny mälim etdi.

Bu beýannamanyň soňunda bu hüjümleriň Gaza zolagynda ýerleşýän Palestina halkyny goldamak we palestinalylaryň batyrgaý we abraýly garşylygyny goldamak üçin edilendigi aýdylýar.