Mar 06, 2024 21:24 Asia/Ashgabat
  • Ysraýyl Gazada kömege garaşýan palestinalylara ot açdy

Ysraýylyň goşuny Gaza şäheriniň günortasynda kömege garaşýan palestinalylara hakyky oklar bilen ot açdy

Gazadaky hökümediň Metbugat ofisinden berilen beýanatda, Ysraýylyň goşuny un we azyk kömegini almak üçin Gaza şäheriniň günortasynda Selahaddin köçesindäki Kuweýt çatrygyna barýan asuda palestinalylara hakyky oklar bilen ot açandygyny habar berdi. 

Beýanatda Ysraýylyň palestinalylary nyşana almagynyň açlygy has hem artdyrmagy, gabawy dowam etdirmegi we Gazada başdan geçirlýän ynsanperwer apaty dowam etdrimegi isleýändiginiň bir görkezijisidigi aýan edildi. 

Gaza zolagynda erbetleşen ynsanperwer ýagdaýdan we erbetleşen ynsanperwer apatdan dolulygyna ABŞ-nyň, Ysraýylyň we halkara jemgyýetiň jogapkärdigi bellenen beýanatda, genosid söweşiniň bes edilmegi we Gaza zolagynyň demirgazygy başda bolmak bilen ähli welaýatlara 1000 ýük ulaglyk kömegiň ýetirilmegi babatynda çagyryş berildi. 

Ysraýylyň Gaza zolagynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda aglabasy çagalardan ybarat bolan 30 müňden gowrak palestinaly şehit boldy. 

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde pida bolanlaryň sany soňky 24 sagatda 86 adam artyp 30 müň 717 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 152 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde olenleriň sanynyň soňky 24 sagatda 86 adam artyp 30 müň 717 adama ýetendigi nygtaldy.

Soňky hüjümlerde 113 palestinalynyň ýaralanandygy, jemi ýaralananlaryň sanynyň 72 müň 156 adama ýetendigi bellenildi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Han Ýunusda we Gazanyň demirgazygynda şu günki güne çenli saglygy goraýyş işgärlerinden 348 adamy öldürendigi, 269-ny zamun alandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Ysraýylyň soňky 24 sagatda 9 gyrgynçylyk edendigine üns çekildi

Emma Hizbullah, Liwanyň günortasyndan Ysraýyla garşy dürli görnüşli ýaraglar bilen 11 hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hizbullah, Liwandan Ysraýyla garşy soňky 24 sagatda guralan hüjümler hakynda beýannama berdi.

Beýannamada, Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky Hula etrapçasyna guran we 3 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümine garşy Ysraýylyň Kirýat Şmona we Kfar Blum etrapçalaryna onlarça raketanyň atylandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby radiosy bolsa, Liwandan Kirýat Şmona 30 raketanyň atylandygy, 10 raketanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup düşürlendigi bellenildi.