Apr 01, 2024 03:00 Asia/Ashgabat
  •  Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna 177 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi.

Ysraýylyň goşunynyň ynsanperwer kömekleriň girmegine päsgel berip, halky mejbury ýagdaýda aç we suwsyz goýan Gaza zolagyna 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri dowam edýän hüjümlerinde şehit bolan palestinalylaryň sany 32 müň 782 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 75 müň 298 adama ýetdi. 

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy soňky 24 sagatda 8 hüjüm gurandygy, 77 palestinalynyň pida bolandygy, 108 palestinalynyň ýaralanandygy mälim edildi. 

 

Şeýle-de Ysraýylda Netanýahu garşy protestler dowam edýär. Demonstrantlar ýesir çalşygynyň amala aşyrylmagy barada çagyryş berdiler, Premýer ministr Binýamin Netanýahunyň wezipeden çetleşdirilmegini we möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegini talap etdiler. 

Demonstrasiýada Ysraýylyň Gazada edýän harby jenaýatlaryna ünsler çekildi. 

Fakeller bilen Ysraýylyň Goranmak ministrligine tarap ýöriş guran demonstrantlar, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu we hökümetiň düzümindäki syýasatçylara garşy ýazgyly şygarlar göterdiler. 

Demonstrantlar ministrligiň öňündäki tapawutly ýerlerinde ot ýakdylar. 

Emma Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulaglary, Liwanyň günortasynda BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýjüne degişli sowutly ulagy nyşana alyp, hüjüm gurady. 

Hüjümde 3 esger bilen Liwanyň 1 raýaty ýaralandy. 

Liwan hüjüme berk reaksiýa bildirdi. Liwanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň ýurduň günortasyna guran hüjümleriniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine şikaýat edilmegi üçin taýarlyklar görülmäge başlanandygy beýan edildi, hüjüme berk reaksiýa bildirdildi. 

Hüjümi BMG hem ýazgardy. BMG-nyň baş sekretarynyň metbugat geňeşliginden berilen beýanatda, BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterreşiň hüjümi ýazgarandygy aýan edildi.

Beýanatda parahatçylyk güýçleriniň howpsuzlygynyň hemişe üpjün edilmeginiň zerurdygy mälim edildi. 

 

 

 

Tags