Jan 20, 2023 20:50 Asia/Ashgabat
  • Zelenskiý Ukraina Berilýän Ýarag Kömeginiň Dowam Etdirilmegini Isledi

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Ukraina guran saparynyň çäginde Prezident Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

 

Prezident köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.Mişel bilen Zelenskiý özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ýurdunda saparda bolýan Mişele sagbolsun aýtdy.

Ukrainada, Russiýa garşy söweşiň dowam edýändigine ünsi çeken Zelenskiý, front liniýasyndaky soňky ýagdaý hakynda Mişele giňişleýin maglumat berdi.

Wladimir Zelenskiý Ukraina berilýän ýarag kömeginiň dowam etdirilmegini isledi.

Emma-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ukraina gyssagly has köp ýaragyň ugradylmalydygyny nygtady.

Ýens Stoltenberg, Bütindünýä Ykdysadyýet forumynyň çäginde geçirlen “Parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy” temaly oturlyşyga gatnaşdy.

Stoltenberg, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Ukraina söweşinde ýeňiş gazanmagynyň dünýä taýdan howplydygyny nygtady.

Stoltenberg, “Söweşiň gepleşik arkaly parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini isleýän bolsak, Ukraina harby taýdan goldaw berilmeli. Bu ýeke-täk ýol we parahatçylyga tarap barýan ýol ýaraglardan geçýär. Putiniň söweşde ýeňiş gazanyp bilmejekdigine göz ýetirmegi üçin, gepleşikleriň başlamagy üçin Ukraina güýçli goldaw berilmeli” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary, Ukraina gyssagly ýagdaýda has köp ýaragyň berilmelidigine ünsi çekdi.

Şwesiýa we Finlýandiýanyň NATO agzalyk etaby hakynda hem durup geçen Stoltenberg, Türkiýäniň agzalyk etabyny tamamlajakdygyna ynanýandygyny belledi.

Türkiýäniň howpsyzlyk aladasyna düşünýändiklerini, NATO agza ýurtlaryň arasynda terrorçylykly hüjümlere iň köp sezewar bolan ýurduň Türkiýedigini nygtan Stoltenberg, “PKK, NATO we ýaranlary tarapyndan, hatda Finlýandiýa we Şwesiýa tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilýär” diýdi.

Şeýle-de NATO-nyň Harby toparynyň başlygy admiral Rob Bauer, Russiýanyň bahar aýlarynda Ukraina garşy täze hüjüm gurama ähtimallygynyň bardygyny aýtdy

NATO-nyň ýokary çinli harby ýolbaşçysy bolan Rob Bauer, Türkiýäniň adyndan Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güleriň gatnaşmagynda geçirlen NATO agza ýurtlaryň baş ştablarynyň başlyklarynyň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Russiýanyň täze hüjüm guramak ähtimallygy hakyndaky soraga jogap beren Bauer, Russiýanyň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän ýerleri alyp bilmändigini, şol sebäpli hem täze hüjüm guramagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Rob Bauer “Russiýa strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän ýerleri alyp bilmesede onuň bahar aýlarynda täze hüjüm gurama ähtimallygy bar” diýdi.

Bauer, Ukrainanyň şol hüjüm üçin taýarlyk görmelidigini belledi.

Russiýa, 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.