Apr 18, 2023 01:44 Asia/Ashgabat
  •  Polşa Bilen Wengriýa, Ukrainadan Galla we Beýleki Azyk Önümleriniň Import Edilmegini Gadagan Etdi

,Polşa bilen Wengriýa, ýerli önümlerini goramak üçin Ukrainadan galla we beýleki azyk önümleriniň import edilmegini gadagan etdi. ÝB karara garşylyk görkezdi.

Polşa bilen Wengriýa, ýerli önümlerini goramak üçin Ukrainadan galla we beýleki azyk önümleriniň import edilmegini gadagan etdi. ÝB karara garşylyk görkezdi.

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň oba hojalykdan we söwdadan jogapkär metbugat geňeşçisi Miriam Garsiýa Fepper “Bir taraply hereketler kabul edilmesiz” diýdi.

Fepper, Polşa bilen Wengriýanyň kanun hakyndaky beýannamalary bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtap “Söwda syýasaty ÝB-niň ygtyýaryndadyr. Şol sebäpli hem bir taraply hereketler kabul edilmesiz” diýdi.

Fepper, soňky döwürde ÝB-niň çäginde kabul edilen ähli kararlaryň utgaşykly ýagdaýda bolmagynyň möhümdigini belledi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagy galla eksportuny bökdäpdi. Geçirlen gepleşiklerden soň Ukrain gallasy we azyk önümleri Gündogar we Merkezi Ýewropa ýurtlarynda daşalmaga başlanypdy.

Bu ýagdaý esasan sebitde ýerleşýän ýurtlardaky ýerli öndürijileriň işini kynlaşdyrypdy.

Polşaly we Wengriýaly daýhanlar uzak wagtdan bäri Ukrainadan arzan bahadan oba hojalyk önümleriniň import edilmeginiň bes edilmegini isleýärdi.

Esasan Polşaly daýhanlar bu meselede ýygy-ýygydan protest ýörişlerini geçirýärdi.

Polşa bilen Wengriýa, Ukrainadan galla we azyk önümleriniň import edilmeginiň wagtlaýyn gadagan edilmegi barada karar kabul etdi.

Emma, Norwegiýa Russiýanyň İlçihanasynda işleýän 15 diplomaty “içalylyk edýändigi” şübhesi bilen ýurtdan çykarmak hakynda karar kabul etdi.

Daşary işler ministri Anniken Huitfelt beren beýannamasynda kararyň; “Norwegiýada rus howpsuzlyk işlerinin çägini daraltmak we oňa garşy göreşmek, şeýlelikde milli bähbitleri goramak üçin möhüm çäredigini” aýtdy.

“Islenmeýän adam” yglan edilen 15 rus diplomatynyn gysga möhletde ýurtdan çykmalydygyny nygtan Huitfelt; “Norwegiýa wyza üçin ýüz tutan howpsuzlyk gullukçylaryna wyza bermeris” diýdi.

Huitfelt hökümetiň bu karary belli bir waka sebäpli kabul edip etmändigi hakynda maglumat bermän, höklümetiň İçerki howpsuzlyk gullugy PST-niň mesele hakynda degişli beýannamany berjekdigini aýtdy.

Ýurtdan çykaryljak diplomatglaryň işlerinin “diplomatlyk wezipelerine bap gelmeýändigi nygtalan bolsa, Huitfelt; “Adaty diplomatlardan däl, diplomatlyk derejesi bilen iş alyp barýan howpsuzlyk gullukçylary hakynda aýdýarys” diýdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Norwegiýadaky ilçihanasy karary “iňňän duşmançylykly başlangyç” hökmünde häsýetlendirip, oňa “degişli gaýtawulyň” görkeziljekdigini habar berdi.

 

 

 

 

Tags