Apr 17, 2024 13:21 Asia/Ashgabat
  • Sebitdäki gapma-garşylyk hiç kimiň bähbidine däl diýip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ysraýyl režimine duýduryş berdi

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri Ysraýylyň basyp alyjy režimine ar alyş hüjümi bilen sebitdäki dartgynlygy güýçlendirmezligi duýdurdy, sebäbi sebitdäki gapma-garşylyk hiç kimiň bähbidine däldir diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri "Jozef Burrell" sişenbe güni Fransiýanyň "Le Monde" gazetine beren interwýusynda Eýranyň jeza çäresiniň Sionist režiminiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden terrorçylykly hüjümine jogap hökmünde amala aşyrylandygyny aýtmak bilen, Ysraýyl režimine sebitdäki konfliktiň döremeginiň hiç kimiň bähbidine däldigi duýduryş berildi, sebäbi bu söweşiň gutarmajakdygyny aňladýar diýdi.

"Jozef Burrell" Eýranyň Ysraýyl režimine garşy jeza çäresinden birnäçe gün öň we bu režimiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden terrorçylykly hüjümine jogap edip, diňe Ysraýylyň harby desgalaryny nyşana aljakdygyny mälim etdi  diýdi.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde duşenbe güni sionist režim Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine hüjüm edip, Eýranyň ýokary derejeli harby geňeşçileriniň ýedisiniň şehit bolmagyna sebäp boldy.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri we Eýran Ýaragly Güýçleriniň ýokary serkerdesi Aýatolla Hameneýi Tel Awiwiň hereketini Eýran Yslam Respublikasynyň çägine edilen hüjüm diýip atlandyrdy we Sionist režgimiň "jezalandyryljakdygyny" aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, düýn irden (14-nji aprel, ýekşenbe) Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy basyp alnan ýerlere pilotsyz we raketa atyp, bu agressiw režimi jezalandyrmaga synanyşdy.

Tags