Mar 10, 2024 13:07 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň prezidentiniň Ysraýyl üçin gyzyl çyzyk döretmek baradaky gapma-garşy sözleri

ABŞ-nyň prezidenti gapma-garşylykly beýanatlarda Ysraýylyň Gazanyň günortasyndaky Rafah şäherine etjek hüjümini "gyzyl çyzyk" diýip atlandyrdy ýöne şol bir wagtyň özünde-de sionist režimi goldamagyny dowam etdirýändigini we bu režimi goramagyň möhümdigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, MSNBC habarçysynyň Waşingtonyň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu üçin gyzyl çyzygy baradaky soragyna jogap hökmünde ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden "Ysraýyly goramak möhümdir we bu režime ýarag ibermegi bes etmek üçin gyzyl çyzyk ýok.

Baýden Sionist režimiň jenaýatlary netijesinde 30,000-den gowrak palestinalynyň şehit bolmagyna yşarat edip, Ysraýyl "Hamasy yzarlamak netijesinde ýene 30,000 palestinalyny gurban etmeli däldir has dogrusy, bu režimiň hereketleri netijesinde bigünä adamlaryň janlaryna we durmuşlaryna has köp üns bermelidir " diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti basyp alnan ýerlere ýene-de baryp görmek we uruş bilen baglanyşykly meseleleri Knessetiň (Ysraýyl Parlamenti) agzalary bilen gönüden-göni gozgamak isleýändigini aýtdy.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Palestinanyň garşylyk toparlary Gazadan Ysraýyl režiminiň pozisiýalaryna garşy "Al-Aqsa tupany" operasiýasyny başlady.

"Al-Aqsa tupany" hüjümlerinden ar almak, ýeňlişiniň öwezini dolmak we garşylyk hereketlerini duruzmak üçin bu režim Gaza zolagynyň geçelgelerini ýapdy we bu sebiti bombalamagy başlady.

Sionist režimiň soňky bäş aýda eden jenaýatlary Tel Awiwiň häkimiýetleriniň "genosid" aýyplamasy bilen Halkara Kazyýetine iberilmegine sebäp boldy.