Aug 03, 2021 16:18 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 378 adamyň ölendigini habar berdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 378 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 91,785-e ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 39,019 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 2 müňden gowragy keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,979,727-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 424 müň 650 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda kowid 19 üçin 26 million 99 müň 787 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.