Jul 20, 2021 16:51 Asia/Ashgabat
  • Başar al-Assad Homsyň uly metjidinde Gurban baýramy namazyny okady

Siriýanyň prezidenti sişenbe güni Homsyň uly metjidinde Gurban baýramy namazyny okady.

Siriýanyň resmi habar gullugynyň (SANA) habar bermegine görä Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad sişenbe güni Homsdaky Halid bin Waleed metjidinde huzurly bolup Homsyň uly metjidinde Gurban baýramy namazyny okady.

Başar al-Assatdan başga-da, Siriýanyň müftüsi Şeýh Ahmad Badruddin Hassoun we Siriýanyň birnäçe resmisi Gurban baýramynyň namazyna gatnaşdylar.

Birnäçe gün ozal Başar al-Assad täze ýedi ýyllyk prezidentligi üçin parlament agzalarynyň öňünde kasam kabul etdi.

Dabarada çykyş eden Başar al-Assad azatlygyň ýoluny bilýän halklaryň özlerini goramakdan ýadamaýandygyny aýtmak bilen Käbirleri Siriýany bölmek islediler, emma Siriýanyň halky agzybirligi bilen dildüwşüklere ok atdy diýdi.