Jul 28, 2021 21:30 Asia/Ashgabat
  • Başar al-Assad: Eýran Siriýanyň esasy hyzmatdaşydyr

Siriýanyň prezidenti Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy bilen geçiren duşuşygynda: Eýran Siriýanyň esasy hyzmatdaşydyr diýip nygtady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad çarşenbe güni Damaskda Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf we hemra topary bilen duşuşygynda Eýran Siriýanyň esasy hyzmatdaşydyr we terrorçylyga garşy göreşde iki ýurduň arasyndaky utgaşyklyk oňyn netijeleri berendir diýip beýan etdi.

Başar al-Assad sözüniň dowamynda Eýran terrorçylyga garşy söweşde Siriýanyň halkynyň ýanynda durdy we Siriýany ähli ugurlarda goldady diýdi.

Siriýanyň prezidenti, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky bar bolan utgaşdyrmagyň tutuş Siriýa territoriýasy azat edilýänçä we terrorçy toparlar ýeňilýänçä dowam etjekdigini aýtdy.

Galibaf hem bu duşuşykda Siriýada we Eýranda geçirilen soňky saýlawlar olaryň basyş syýasatlarynyň şowsuzdygyny subut edýär diýdi.

Bu duşuşykda Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky berk gatnaşyklar we dürli derejedäki konstruktiw hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tags