May 13, 2021 15:18 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran halky çydam ykdysadyýetiniň syýasatlaryny durmuşa geçirmek arkaly duşmanlaryň ykdysady taktikasyny ýeňdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, halkyň berk durmagy we garşylyk ykdysadyýetiniň syýasatlaryny durmuşa geçirmegi Eýranyň duşmanlarynyň ykdysady taktikasyny ýeňmekde iň möhüm faktor hasaplady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün erkin zona taslamalarynyň açylyş dabarasynda ABŞ-nyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatlaryny durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryna yşarat edip: Eýran halky sabyrlylyk, agzybirlik we çydam bilen her dürli basyşlara garşy durup, ýurduny, düzgünini we ykdysadyýetini gorap saklady diýdi.

Ruhani şeýle-de, Eýran döwletiniň Yrak döwleti bilen Şalamçeh demir ýoluny Basra birikdirmek baradaky şertnamasyna yşarat edip: Eýranyň demir ýoly Yrak, Siriýa we Ortaýer deňzine birikdiriler diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüniň dowamynda Eýran üçin goňşy ýurtlar bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Erkin söwda, senagat we ýörite ykdysady zolaklaryň 94 iri taslamasynyň iş dabarasy penşenbe güni wirtual görnüşde geçirildi.

Tags