Jul 20, 2022 08:22 Asia/Ashgabat
  • Tähranda geçirilen Astana ýygnagyň soňky beýany: Siriýa konfliktine harby çözgüt ýok

Eýran, Russiýa we Türkiýe ýurtlary Tähranda geçirilen Astana ýygnagynyň soňky beýanynda Siriýadaky konfliktiň hiç hili harby çözgüdiniň ýokdugyna ünsi çekdiler we terrorçylyga garşy ähli görnüşlerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini yglan etdiler.

Astana prosesiniň kepillendiriji ýurtlarynyň ýedinji ýygnagy Tähranda we Eýranyň, Russiýanyň we Türkiýäniň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Astana prosesiniň ýygnagyna gatnaşmak maksady bilen Tährana geldi.

Astana gepleşikleri Eýranyň we Russiýanyň başlangyjy bilen we 2017-nji ýylda Türkiýäniň goldawy bilen Siriýadaky konfliktleri çözmek we bu ýurtda alty ýyllap dowam eden urşy, ýatyrmak we weýrançylygy bes etmek maksady bilen başlandy.

Üç ýurt (Eýran-Russiýa-Türkiýe) Siriýa Arap Respublikasynyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna, agzybirligine we territorial bitewiligine, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydyklaryny aýtdylar we bu ýörelgeleriň bolmalydygyny mälim etmek bilen bir wagtda hemmeler tarapyndan oňa hormat goýulmaly we kimdigine garamazdan hiç bir tarap bu usullary gowşatmaly däldir diýip Astana beýanynda yglan edildi.

Tags