Aug 25, 2023 16:03 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby: Eýranyň BRICS-e agza bolmagy birtaraplaýynlygy bozmakda örän täsirlidir

Tähranyň juma namazynyň ymamy Eýranyň "BRICS" -e agza bolmagy birtaraplaýynlygy bozmakda we ykdysady ugurda Amerikanyň tekepbirliginiň öňüni almakda örän täsirlidir diýdi.

Tähranyň juma namazynyň hatyby Hojjatul Yslam "Muhammet Jawad Haj Ali Akbari" 13-nji hökümetiň işjeň diplomatiýasyna salgylanyp, goňşular we sebit bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy dogry we paýhasly syýasat diýip atlandyrmak bilen Aziýa we Gündogar bilen strategiki gatnaşyklary pugtalandyrmak we Eýranyň Şanhaýa goşulmagy bu ugurda iň möhüm üstünlikleriň biri boldy diýdi.

Hojjatul Yslam Haj Ali Akbari şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Günorta Afrika saparyna we Eýranyň BRICS toparyna agza bolmagy barada şeýle diýdi: Eýranyň bu topara agza bolmagy Seýid Ebrahim Raisiniň soňky sapary wagtynda gazanylan möhüm üstünlik boldy we Eýran käbir beýleki ýurtlar bilen birlikde bu foruma goşuldy.

Tähranyň juma namazynyň ymamy BRICS-iň halkara ulgamdaky ähmiýetine ünsi çekip bu toparyň halkara ykdysadyýetinde möhüm we artykmaç orny bar we Eýranyň bu topara agza bolmagy birtaraplaýynlygy bozmakda we ulumsy Amerikanyň ykdysady ugurdaky päsgelçilikleriniň öňüni almakda örän täsirlidir diýdi.

Hojjatul Yslam Haj Ali Akbari sözüniň dowamynda Eýranyň BRICS-de bolmagy we 13-nji hökümetiň bu ugurdaky ugry, aslynda Eýranyň täze dünýä ulgamynda pozisiýasyny mälim edýär diýdi.

Tähranyň juma namazynyň ymamy şeýle-de Arbain Hüseýini ýörüş dabarasy barada-da şeýle diýdi: Giňligi, dürlüligi, gözelligi we üýtgeşik aýratynlyklary bilen millionlarça adamyň ägirt uly hereketi bolan Arbain Hüseýni, şol döwrüň tekepbirlerine we Ýezidlerine garşy global abraýyň nyşanyna öwrüldi.

Tags