Jul 21, 2022 13:54 Asia/Ashgabat
  • Kanani Çafi: Günbatar Aziýa sebiti köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Günbatar Aziýa sebiti galp bileleşikleriň we netijesiz goranyş ulgamlarynyň ýerine köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" penşenbe güni Tähranda Astana prosesini kepillendirýänleriň ýedinji ýygnagynyň suratyny twitterde neşir edip Eýran Yslam Respublikasy parahatçylyk üçin hyzmatdaş we birtaraplaýynlyga garşy peýmandaş diýip ýazdy.

Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary şeýle-de Parahatçylyk, durnuklylyk we umumy ösüş daşarky ýurtlaryň gatyşmagyndan daşgary köpçülikleýin gepleşik we hyzmatdaşlyk arkaly gazanylyp bilner diýdi.

Kanani Çafi düýn žurnalistler bilen hepdelik duşuşygynda goňşy ýurtlaryň, sebitiň we dünýäniň resmileriniň bolmagy sebäpli birnäçe hepde dowam eden diplomatik gatnawdan soň Tähran Siriýa barada örän netijeli ýygnak bolan Astana prosesiniň kepillendiriji ýurtlarynyň ýedinji ýygnagyna şaýat boldy we bu gün Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatiýasy üçin ajaýyp gün boldy diýip beýan etdi.

Tags