Jan 27, 2023 21:55 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian bilen Baýramowyň söhbetdeşligi

Eýran we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Azerbaýjan Respublikasynyň Tährandaky ilçihanasyna edilen ýaragly hüjümiň ölçegleri barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Tährandaky ilçihanasyna anna güni edilen hüjümde ilçihanany goramak üçin ýaragly adam öldürildi we başga-da iki garawul ýaralandy.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian anna güni öýlän Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeihun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde gynanç we duýgudaşlyk bildirmek bilen şu günki wakadan iki ýurduň duşmanlarynyň tersin peýdalanmaklaryna yşarat edip bu wakanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir etmegine ýol bermeli däldigimizi aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri wakanyň dürli taraplaryny anyklamak üçin iki ýurduň howpsuzlyk edaralarynyň bu meseläni biri-biri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda yzarlamagy we derňemegi teklip etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine we Daşary işler ministrine duýgudaşlyk we gynanç sargydy üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Daşary işler ministriniň wakanyň ölçeglerini anyklamak üçin iki ýurduň howpsuzlyk we kazyýet edaralarynyň hyzmatdaşlygy we utgaşdyrylmagy baradaky teklibini makullady.

Tags