Oct 19, 2023 12:43 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, sionist režimiň jenaýatlaryny togtadmak üçin gyssagly çäre görülmegini isledi

Russiýanyň we Kataryň Goranmak ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy halkara jemgyýetçiliginiň sionist režimiň jenaýatlaryny duruzmak we Gaza zolagynda palestina halkyna kömek bermek üçin gyssagly çäre görmegini isledi.

"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bagheri Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şaýgu bilen söhbetdeşlikde Sionist režimiň Gazadaky ezilen palestina halkyna garşy eden jenaýatlarynyň möwjemegine ünsi çekip "Al-Aqsa tupany" operasiýasy, palestinaly garşylyk toparlarynyň söweşijileriniň kanuny goranmak we basyp alyşlyga garşy çykmak hukugynyň çäginde we 70 ýyldan gowrak wagt bäri Palestina halkyna garşy zulum we zalymlygyň netijesi boldy  diýdi.

Eýran Yslam Respublikasy parahat ilata garşy giň we wagşy krizisleriň dowam etmeginden aladalanýar we beýle rehimsiz hereketlere ýol berilmez we garaşsyz hökümetler muňa çynlakaý çemeleşmelidir diýip Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bagheri sözüne goşdy.

Tags