Apr 15, 2024 10:35 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň islendik harby başdan geçirmesine garşy Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiliginiň duýduryşy

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti, Tähranyň sebitdäki konflikti güýçlendirmek islemeýändigini yglan edip, Ysraýylyň mundan beýläkki harby başdan geçirmeleri barada duýduryş berdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilçiligi Ysraýyl režiminiň mundan beýläkki harby başdan geçirmeleri barada duýduryş bermek bilen, halky, howpsuzlygy we milli bähbitleri, özygtyýarlylygy we territorial bitewiligi haýsydyr bir howpdan ýa-da agressiýa garşy goramak, islendik howplara ýa-da agressiýalara aýgytly we halkara kanunlaryna laýyklykda jogap bermekde üýtgewsiz tutanýerliligini aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti, Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde ABŞ bilen çaknyşmak niýetiniň ýokdugyny, ýöne bu ýurt Eýrana, raýatlaryna ýa-da Yslam Respublikasynyň bähbitlerine garşy harby operasiýa geçirse, degişlilikde jogap bermek üçin mahsus hukugyny saklar diýdi.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde duşenbe güni sionist režimi Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine hüjüm edip, Eýranyň ýokary derejeli harby geňeşçileriniň ýedisiniň şehit bolmagyna sebäp boldy.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri we Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary serkerdesi Aýatolla Hameneýi Hezretleri Tel Awiwiň hereketini Eýran Yslam Respublikasynyň çägine edilen hüjüm diýip atlandyrdy we Sionist režimiň "jezalandyryljakdygyny" aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, düýn irden (14-nji aprel, ýekşenbe) Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy basylyp alnan ýerlere pilotsyz we raketa atyp, bu agressiw režimi jezalandyrmaga synanyşdy.

Tags