Mar 10, 2023 14:50 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahianyň siriýa resmileri bilen duşuşygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Damaskda sionistleriň sebitiň geljeginde ýeriniň ýokdugyny aýtmak bilen Siriýada daşary ýurt güýçleriniň basyp alynmagynyň wagtynyň tamamlanandygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian penşenbe güni Siriýa bardy.

Amir Abdollahian ýer titremesinde täsir eden sebitlere baryp görenden soň, bu ýurduň prezidenti Başar Assad bilen hem duşuşdy.

Siriýanyň prezidenti Başar Assad, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian bilen duşuşygynda, şu gün ýer titremesinden ejir çeken sebitlere eden saparyňyzyň, Eýran hökümetiniň we halkynyň Siriýa goldawyny görkezýär we bu goldawlar Siriýadaky ýer titremesinde ejir çekenlere diňe bir maddy goldaw däl, eýsem güýçli ruhy taraplary hem bar diýdi.

EýranPrees habar gullugynyň habaryna görä, bu duşuşykda Amir Abdollahian, bu ýurtda bolup geçen ýer titremesi bilen baglanyşykly raýdaşlygy we duýgudaşlygy bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mümkin boldugyça giňeldilmegi we Amerikanyň we Günbatar ýurtlarynyň Siriýa garşy zulumly gabawyny aýyrmagyň zerurlygyna esaslanýa Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli we ynsanperwer pozisiýasyny we Siriýadaky ýer titremesinde ejir çekenlere halkara kömeginiň iberilmegini nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri soňky döwürde arap ýurtlary bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň açylmagyny real we yslam raýdaşlygy ýolundaky oňyn ädim diýip atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Amir Abdollahian, Sionist rrežimiň Siriýa edýän hüjümlerini berk ýazgardy.

Bu duşuşykda Başar Assad hem Ýolbaşçynyň we Prezidentiň raýdaşlygy we duýgudaşlygy baradaky sargytlaryna we pozisiýalaryna we Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetine we halkyna Siriýadaky ýer titremesinde ejir çekenlere berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian penşenbe güni Siriýada kärdeşi Faýsal al-Makdad bilen hem duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Tags