Nasrullah: Liwan topragynda her hili terror jogapsyz galmaz
Liwanyň Hizbullah hereketiniň baş sekretary Hasan Nasrullah duşenbe güni agşam sionist režimiň häkimiýetlerine Liwanyň topragynda Liwan, Palestina ýa-da Eýran raýaty ýa-da beýleki raýatlar terror edilen ýagdaýynda jogapsyz galmajakdygyny duýdurdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Nasrullah Liwanyň mundan beýläk terror sahnasyna öwrülmegine ýol bermeris we Ysraýyl muny gowy bilmelidir diýdi.
Ol şeýle-de duşmanyň taryhy, fiziki we strategiki taýdan kynçylyk çekýändigini we ondan çykmagyň ýolunyň ýokdugyny mälim etmek bilen hiç bir howp çydam toplumyny we hereketini duruzmaz eýsem tutanýerliligini we güýjüni artdyrar diýdi.
Nasrullah çykyşynyň başga bir böleginde palestinaly tussaglar we Bahreýnde syýasy tussaglar bilen hakyky raýdaşlyga çagyrdy.
Liwan Hizbullahyň Baş sekretary, Siriýadaky söweşiň häzirki serkerdesiniň ilkinji günden bäri ABŞ bolandygyny we ABŞ-nyň ilçisiniň muny boýun alandygyny aýtdy.
Ol şeýle-de ýaragly Takfirileri Amerikanyň meýilnamasynyň diňe guraly we ýerine ýetirijisi hasaplamak bilen Amerikan güýçleri DAEŞ bahanasy bilen Yraga gaýdyp geldi we şol bahana bilen frat derýasynyň gündogaryny basyp almak üçin Siriýa girdi diýdi.
Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary öz beýanatynyň başga bir böleginde ABŞ-nyň Siriýa halkyna garşy alyp barýan rehimsiz sanksiýalaryna ünsi çekmek bilen Siriýadaky harby meýilnamanyň başa barmandygyny we Damask hökümetiniň ýagdaýynyň gowulaşýandygyny görenlerinde, bu ýurda garşy sanksiýalar girizildi diýdi.
Liwandaky Hizbullahyň Baş sekretary şeýle-de käbir Liwanly toparlarynyň bu ýurt üçin meýilnamasyny paş edip olar Liwan üçin halkyň meselelerini çözmek üçin däl-de, Hizbullaha garşy hökümet gurjak prezident saýlamaga synanyşýarlar we bu olaryň belli bir meýilnama we ssenariýa hyzmat edýändigini görkezýär diýdi beýan etdi.
Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary çykyşynyň başga bir böleginde Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky garşylyga ünsi çekmek bilen bu sebitdäki garşylygyň güýçlenmegi we Ysraýylyň ukypsyzlygy Netanýahunyň Günbatar Şeriýada bolup geçýän zatlaryň Eýranyň meýilnamasydygy baradaky meselä ýüz tutmagyna sebäp bolandyr diýdi.
Nasrullah bu aýyplamalary ret edip, Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky garşylygyň düýbünden palestinalylaryň islegidigini aýtdy.