Nov 08, 2023 22:05 Asia/Ashgabat
  • Gaza krizisiniň ortasynda Yragyň premýer-ministriniň Tährana sapary

Yragyň premýer-ministri geçen duşenbe güni irden Tährana baryp, Prezidenti we Eýranyň Ýslam Ynkylabynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyp maslahatlaşdylar.

Yragyň premýer-ministri geçen duşenbe güni irden Tährana baryp, Prezidenti we Eýranyň Ýslam Ynkylabynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyp maslahatlaşdylar.

Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia Al-Sudani geçen duşenbe güni irden Tährana baryp, Prezidenti we Eýranyň Ýslam Ynkylabynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyp maslahatlaşdylar.

  Al-Sudani Yragyň premýer-ministri hökmünde üçünji gezek Tährana bardy. Häzirki wagtda onuň Tährana eden sapary dürli tarapdan möhümdir.

Bu sapar ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Yraga eden saparyndan birnäçe sagat soň boldy. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken geçen ýekşenbe  Bagdatda Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia Al-Sudani bilen duşuşdy. ABŞ-nyň daşary işler ministri ozal käbir arap ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda Gazadaky wakalar barada Amman ýygnagyna gatnaşmak üçin Iordaniýa gidipdi. Iordaniýadan öň Blinken Sionist režimi bilen Hamasyň arasynda söweş başlanaly bäri ikinji gezek Tel Awiw şäherine gitdi.

Al-Sudani Tährana sapary wagtynda Amerikadan habar alyp barýan ýalydyr. Sionistleriň Gaza  garşy hüjümleriniň başlamagyndan bir aý geçdi. Sionist režimi Gaza garşy eden jenaýatlaryny Amerikanyň goldaýandygy sebäpli Yrakdaky garşylyk toparlary Yrakdaky Amerikan bazalaryny hem nyşana aldylar. Amerikalylar, Yrak garşylyk toparlarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň täsiri astyndadygyna ynanýarlar we Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia Al-Sudanidan Eýrana bu toparlar hakda sargyt ýollan ýaly görünýär. Eýran Yslam Respublikasy muny ret edýär, sebäbi Al-Aksa tupany, garşylyk toparlarynyň garaşsyz hereket edýändiklerini görkezdi.

Başga bir nokat; Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia Al-Sudani Tährana eden sapary Gazadaky pajigaň arasynda bolup geçdi. Sionist režimi soňky bir aýdan bäri Gazany wagşycylykly tärde bombalady. Yrak hökümeti, sionist jenaýatyny resmi taýdan ýazgarýan arap hökümetlerinden biridir.  

 

Tags