Jul 06, 2023 15:12 Asia/Ashgabat
  • Putin Russiýanyň Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky soňky parahatçylyga kömek etjekdigini nygtady

Ermenistanyň premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Russiýanyň prezidenti, Russiýanyň Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky soňky parahatçylyga berýän goldawyna ünsi çekdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Kreml köşgi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Nagorno-Garabagyň ýagdaýy, şol sanda Laçin geçelgesinden ulag aragatnaşygyny kepillendirmek barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar bermek bilen Russiýanyň Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky soňky parahatçylyk şertnamasyny taýýarlamaga kömek bermäge taýýardygyny ýene bir gezek nygtady.

Kreml köşgüniň yglan etmegine görä taraplar dürli derejedäki aragatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Nagorno-Garabag sebitindäki söweş 2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Ermenistanyň premýer-ministri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň töwellaçylygy bilen ýaraşyk şertnamasyna gol çekilmegi bilen tamamlandy.  atyşygyň bes edilmek şertnamasyna gol çekilendigine we iki ýurduň arasynda dürli derejelerde gepleşikler geçirilýändigine garamazdan umumy serhetler hemişe dartgynlylygyň we dawa-jenjeliň şaýady bolýar.

Tags