Jun 13, 2021 18:41 Asia/Ashgabat
  • Jo Baýden G7 Liderler maslahatynyň çäginde duşuşyklar geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden G7 Liderler maslahatynyň çäginde bu toparyň resmileri bilen duşuşyklar geçirdi .

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, G7 Liderler maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Beýik Britaniýada, ýurdyň Premýer ministri Boris Jonson, Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi we Ýaponiýanyň Premýer ministri Ýosihide Suga bilen aýry aýry duşuşyklar geçirdi. 

Ak Tamdan berilen beýanata görä, Jo Baýden Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem çuňlaşdyrjakdygy barada söz berdi. 

Iki lider duşuşykda koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. 

Italiýanyň Owganystanyň parahatçylygyna we howpsuzlygyna berýän goldawyny takdyr eden Jo Baýden, Hytaý, Russiýa we Liwiýa ýaly daşary syýasat bilen bagly meselelerde hem Dragi bilen bilelikde işleşmek babatynda ylalaşyk gazandy. 

Jo Baýden Ýaponiýanyň Premýer ministri Ýosihide Suga bilen geçiren duşuşygynda bolsa Kowid-19 epidemiýasy, klimat çalşygy, Demirgazyk Koreýa, Hytaý we Taýwan aýlagynda durnuklylyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 

Jo Baýden Ýaponiýada 23-nji iýulda başlajak Tokio olimpiýa oýunlarynyň raýatlaryň saglygy bilen bagly çäreleriň görülip geçirilmegini goldady. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson we Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrison bilen hem üçtaraplaýyn häsýetde duşuşyk geçirdi. 

Beýik Britaniýanyň Premýer ministrlik ofisiniň 10-njy otagyndan berilen beýanatda, üçtaraplaýyn duşuşykda, Hindi-Ýuwaş okean sebiti bilen bagly ençeme meseläniň ele alynandygy aýan edildi. 

Boris Jonson, maslahatyň çäginde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Lýaýen bilen Demirgazyk Irlandiýa protokolynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly düşünişmezçiligi maslahatlaşypdy.

 

 

Tags