Apr 25, 2023 15:04 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Eýranyň Daşary işler ministriniň uly geňeşçisi sebitde parahatçylygyň geljegi barada pikir alyşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Gumanitar meseleler boýunça baş sekretarynyň orunbasary we Eýranyň Daşary işler ministriniň ýörite syýasy meseleler boýunça uly geňeşçisi sebitdäki soňky wakalar, esasanam Tähran-Riýad gatnaşyklarynyň açylmagy, Siriýa we Ýemendaky gumanitar meseleler şeýle hem sebitde parahatçylygyň geljegi barada maslahatlaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň maglumat bölüminiň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Gumanitar meseleler boýunça baş sekretarynyň orunbasary Martin Griffiths, Eýranyň Daşary işler ministriniň ýörite syýasy meseleler boýunça uly geňeşçisi Ali Asgar Hajy bilen duşuşanda Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täzeden başlamagy baradaky soňky şertnamany sebitdäki özgerişlere we parahatçylyk etabynyň öňe gitmegine oňyn täsir etdi diýip hasaplamak bilen Siriýa we Ýemen halkynyň ynsanperwerlik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynyň we hyzmatdaşlygynyň möhümdigini aýtdy.

Siriýada bar bolan howpsuzlyk we syýasy gurama barada durup geçen Hajy, Siriýadaky ykdysady kynçylyklaryň we ynsanperwerlik krizisiniň, esasanam soňky ýer titremesinden soň, bu ýurduň iň möhüm problemalarydygyny aýtmak bilen sebitleýin we halkara derejesinde ynsanperwer kömeginiň berilmegini ýokarlandyrmagyň we tizleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň ýörite syýasy meseleler boýunça uly geňeşçisi Ýemen bilen baglanyşykly Sanada geçirilen soňky gepleşiklere oňyn baha bermek bilen, 20 milliondan gowrak Ýemenliň kömege mätäçdigini aýtdy.

Tags