May 03, 2023 19:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Prezidenti: Sebitleýin we sebitden daşary wakalar Tähran bilen Damaskyň arasyndaky doganlykly gatnaşyklaryna täsir edip bilmedi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Siriýanyň hökümetiniň we halkynyň ýeňşinden we terrorçylyga garşy göreş frontundan we howpsuzlygyň kyn döwrüni başdan geçirýändigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, terrorçylyga garşy göreşde Siriýanyň hökümetiniň we halkynyň we çydam frontunyň ýeňşinden we howpsuzlygyň kyn döwrüni başdan geçirmeginden hoşallyk bildirip sebitleýin we sebitden daşary üýtgeşmeleriň Tähran bilen Damaskyň arasyndaky doganlykly gatnaşyklaryna täsir edip bilmändigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Eýranyň we Siriýanyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň we Siriýanyň prezidenti Başar Assadyň ýolbaşçylygynda geçirilen bilelikdäki ýygnagynda Eýranyň we Siriýanyň pozisiýasynyň dogrylygyny belläp, bu ýoluň rasional we çydam bilen doly subut edilendigini mälim etdi.

Raisi Eýranyň Siriýada durnukly parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy gazanmak üçin berýän goldawyna ünsi çekip: Yslam respublikasynyň terrorçylyga garşy göreşde Siriýanyň hökümeti we milleti tarapyndan bolşy ýaly, ösüş we abadançylyk ugrunda hem siriýaly doganlarynyň ýanynda durar diýdi.

Siriýa Respublikasynyň prezidenti Başar Assad hem Eýran Yslam Respublikasyna Siriýanyň Yslam Respublikasynyň hökümetine we halkyna bu ýurduň kyn we agyr günlerinde beren goldawlary üçin minnetdarlygyny bildirmek bilen Siriýanyň hökümeti we halky eýranly doganlarynyň hoşniýetliligini we kömegini ýatdan çykarmaz diýdi.

Siriýanyň Prezidenti, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasyny bu ýurtda durnukly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde has uly rol oýnamaga we Siriýanyň uruş sebäpli heläkçilige uçran sebitleriniň täzeden gurulmagyna täsirli gatnaşmaga çagyrdy.

Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekilmek meselesinde Eýran Respublikasynyň we Siriýanyň prezidentleri, "Eýran Yslam Respublikasy bilen Siriýa Arap Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň" möhümdigini we sebitdäki iki ýurduň we beýleki halklaryň bähbitlerinedigini aýtdylar.

Tags