Jun 22, 2023 13:18 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary derejeli lideri: Palestina meselesi Yslam dünýäsi we Yslam ymmaty meseleleriniň özenidir

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezreti Aýatolla Hameneýi Palestina meselesiniň Yslam dünýäsi we Yslam ymmaty meseleleriniň özenidigini aýtmak bilen Palestina meselesinde näçe öňegidişlik gazanylsa Yslam ymmatynyň meseleleri hem öňe gider diýdiler.

Çarşenbe güni agşam, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary lideri Hamasyň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe we delegasiýasy bilen duşuşygynda Palestina meselesiniň öňe gidişine yşarat etmek bilen ýaş we wepaly palestinaly nesliniň jogapkärçilik duýgusy we söweş meýdanyna şahsy we köpçülikleýin girmegi gaty möhüm mesele diýip atlandyrmak bilen soňky günlerde "Jeninde" we palestinaly ýaşlar tarapyndan Sionist goşunynyň gabawy baradaky wakalar doly ýeňiş bilen ýagty geljegiň hoş habarçysydyr diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri Palestina şertleriniň 2 ýa-da 3 ýyl ozalky bilen deňeşdirilende görnetin tapawudyna yşarat edip, soňky ýyllarda Palestina meselesine üns berilmezliginiň esasy sebäbi ýaşlaryň gatnaşmazlygydy, ýöne indi ýaşlar meýdana öz-özünden girdiler we has möhümi, olaryň yslama bil baglamagydyr diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de çydam toparlarynyň arasynda agzybirlik we ylalaşyk meselesine ünsi çekip, şeýle diýdiler: Ýaňy-ýakynda Gazadaky söweşde duşmanyň tagallalarynyň çydam toparlarynyň arasynda agzalalyk we bölünişik döretmekdigini ýöne Taňrynyň merhemeti bilen amala aşmadykdygyny gördük diýmek bilen şonuň üçin agzybirlik we ylalaşyk meselesine has köp üns bermeli we bu dogry ýoly güýç bilen dowam etdirmeli diýip nygtadylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Gazany garşylygyň merkezi diýip atlandyrmak bilen şeýle diýdiler: Emma duşmany dyza çökerjek zat, şu wagta çenli gowy öňegidişlik bolan Günbatar Şeriýa sebitidir.

Hezreti Aýatolla Hameneýi şeýle-de kim bir gün Jenindäki palestinaly ýaşlaryň sionist güýçlere garşy şeýle bir berk durjakdygyny we ýaş söweşijileriň gabawyndan gutulmak üçin söweş uçarlaryny ulanmaga mejbur boljakdygyny kim pikir ederdi, ýöne bu birnäçe gün ozal Jeninde bolup geçdi diýip sözlerine goşdylar.

Hezretleri ähli basyşlara garamazdan, halkara propagandasyny palestina halkynyň bähbidine hasaplamak bilen şu ýyl Kuds güni, yslam ýurtlaryndan başga-da ýörişler Ýewropa ýurtlarynda-da geçirildi we Ýewropanyň halky sionist režime garşydyklaryny mälim etdi, bu gaty möhüm mesele we güýçlendirilmelidir diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi sözüniň dowamynda: Palestina topragy ähli musulmanlara degişlidir, şonuň üçin azat etmek üçin ähli musulmanlaryň meýdana girmegi hökmanydyr we bu dini borjydyr diýdiler.

Bu duşuşykda Hamasyň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe Yslam Respublikasyna Palestina meselesini yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, basyp alnan ýerlerde, esasanam Günbatar Şeriýada bolup geçen soňky wakalar barada hasabat berdi we şeýle diýdi: Gaza çydamyň ýüregidir emma häzirki wagtda Günbatar Şeriýada esasy we aýgytly söweş dowam edýär we Sionist duşmanyň alyp barýan howply kararlaryna garamazdan, Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky söweşiji ýaşlaryň üstemligi sebäpli bu režimiň öňünde has erbet we gaty erbet wariantlardan başga çäresi ýok diýdi.

Ol basyp alnan Palestindäki iň möhüm ösüşi ýaş nesilleriň göreşi we jihady kabul etmegi we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda öz-özünden ýaragly garşylyk bölümleriniň döredilmegi diýip atlandyrmak bilen häzirki şertler we garşylyk frontunyň ösüşi, Palestini basyp almak taryhynda görlüp-eşidilmedik zatdyr diýdi.

Tags