Jan 16, 2024 13:39 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: ABŞ we Iňlisleriň Ýemene garşy hüjümleri sebitdäki dartgynlygyň güýçlenmegine sebäp bolýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ we Iňlisleriň Ýemendäki hüjümlerini sebitdäki dartgynlylygyň ýokarlanmagyna sebäp boljak strategiki ýalňyşlyk diýip atlandyrdy.

Amerika we Iňlis soňky günlerde Ýemendäki sebitlere birnäçe gezek hüjüm etdiler. Bu hüjümler Sionist režimi goldamak üçin bolandyr.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian" Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ezilen palestinalylaryň Gaza zolagynda öldürilmegini bes etmegiň zerurlygy barada eden tagallalaryna we pozisiýalaryna ýokary baha bermek bilen, Sionist režimiň Gaza zolagyna edýän hüjümlerini we  ABŞ we Iňlisleriň Ýemene garşy hüjümlerini duruzmagyň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.

"Amir Abdollahian" Gaza zolagyndaky ynsanperwerlik ýagdaýyna alada bildirdi we Eýran Yslam Respublikasynyň Palestinanyň ezilen halkyna ynsanperwer kömegini ibermäge taýýardygyny mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Gyzyl deňzinde bolup geçen soňky wakalar barada durup geçip, Eýran Yslam Respublikasynyň ýük daşamak we nawigasiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki prinsipial pozisiýasyny ýene bir gezek nygtamak bilen Ýemeniň basyp alnan ýerler barýan gämileri duruzmakdan maksady, Sionist režimiň Gaza zolagynyň raýatlaryna garşy edýän jenaýatyny we genosidini duruzmakdyr diýip yglan etdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Guterreş hem sionist režimiň Gaza zolagyna edýän hüjümlerini ýene bir gezek ýazgardy we bu hüjümleri duruzmagyň we Gaza zolagyna gumanitar kömek ibermegiň zerurdygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bu telefon söhbetdeşliginde Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdaky roluny möhüm hasaplady.

Tags