Jan 22, 2024 14:51 Asia/Ashgabat
  • Muhammet Abdul Salam: Sebitdäki ýurtlar Amerika tarapyndan aldanmasynlar

Ýemeniň Milli halas ediş hökümetiniň gepleşik toparynyň başlygy "Muhammet Abdul Salam" sebit ýurtlaryndan Amerika tarapyndan aldanmazlygy isledi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni "Abdul Salam" ABŞ-nyň Gyzyl deňzinde bolup geçýän wakalar barada jemgyýetçilik pikirini ýalňyşdyrmak ugrundaky aç-açan tagallalaryna salgylanyp, Sionist aparteid režiminiň Gazadaky hüjümlerini bes etdirmek üçin Ýemeniň ýaragly güýçleriniň diňe Sionist režiminiň gämilerini ýa-da basyp alnan Palestina portlaryna gidýän gämileri nyşana alýandygyny aýtdy.

Ýemeniň Milli halas ediş hökümetiniň gepleşik toparynyň başlygy mundan beýläk ähli ýurtlary Ýemeniň pozisiýasyny goldamaga we Amerikanyň aldawynyň pidasy bolmagyna ýol bermezlige çagyrdy.

Abdulsalam şeýle-de, Amerika Gazadaky agressiýany duruzmak we zerur däl krizisler döretmek nukdaýnazaryndan jogapkärçilikden gaçmak prosesini bes etmelidir diýdi.

Ýemeniň Milli Halas ediş Hökümetiniň gepleşik toparynyň başlygy soňda, Ýemen öz-özüňi goramak ýörelgesine görä, özygtyýarlylygynyň bozulmagyna asla ýol bermez we haýsydyr bir agressiýa garşy boş oturmaz diýdi.

Tags