Jan 21, 2023 16:56 Asia/Ashgabat

Ýewropanyň howpsuzlygy we durnuklylygy meselesinde Fransiýa bilen Germaniýanyň arasyndaky dartgynlyk artdy.

“Euronews” -yň habaryna görä, Ukrainadaky söweş Ýewropada howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin Fransiýa bilen Germaniýanyň arasyndaky dartgynlygy we düşünişmezligi artdyrdy.

Ýewropanyň “Strategiki meseleler” žurnalynyň redaktory Judy Dansi, Fransiýa bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň beýle derejede gowşamagynyň sebäbiniň jogabynyň goranyş meselesindäki pikirleriniň tapawudy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Bu aralykda, Ýewropa we Günbatar ýurtlary, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasyna garşy sanksiýalaryň basyşyny güýçlendirmek we Kiýewe her dürli ýeňil we agyr ýarag bermek bilen, diňe bir Ukrainadaky söweşi bes etmek üçin ädim ätmedikleri bärde dursun eýsem has dogrusy, bu ýurtdaky konfliktleriň oduny tutaşdyrdylar.

Ukrainadaky söweş, ähli syýasy, harby, ykdysady, sosial we hatda medeni netijeleri bilen on birinji aýda dowam edýär we Günbatar ýurtlary henizem Ukraina ýarag iberýärler.

Tags