Jun 12, 2020 23:50 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň Liwiýada iki harby baza gurmak meýilnamasy

Türkiýäniň harby jogapkärleri ýakyn wagtda bu ýurduň Liwiýada iki harby baza gurmak meýilnamasynyň bardygyny yglan etdiler.

Türkiýäniň harby jogapkärleri anna güni bu ýurduň uçarlaryny we harby enjamlaryny bu bazalarda ýerleşdirmegi meýilleşdirýändigini habar berdiler.

Bu aralykda, Türkiýäniň Goranmak ministrligi hem anna güni ýurduň howa we deňiz güýçleriniň Ortaýer deňzinde bilelikdäki geçirijek türgenleşiginden habar berdi.

Türkiýe döwleti, Halipa Haftar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Milli Goşun toparynyň öňünde Faiz al-Sarajyň ýolbaşçylygyndaky Liwiýanyň Milli Agzybirlik hökümetini resmi taýdan goldaýar.

Türkiýe, Ortaýer deňzinde energiýa çeşmelerini gözlemek we çykarmak maksady bilen 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Liwiýanyň Milli Ylalaşyk Hökümeti bilen iki sany özara ylalaşyknama gol çekdi.Bu çäre Müsür, Gresiýa, Kipr we General Haftar tarapyndan tankyt edildi.

Tags