Mar 12, 2024 18:58 Asia/Ashgabat
  • UNRWA Ysraýylyň Gaza lukmançylyk kömeginiň girmeginiň öňüni almagyny tankytlady

Palestina bosgunlary üçin kömek we iş üpjünçiligi gullugynyň (UNRWA) Baş komissary Sionist režimmiň lukmançylyk kömeginiň Gaza zolagyna girmeginiň öňüni alýandygyny aýtdy.

Geçen ýylyň 7-nji oktýabrdan bäri sionist režim adaty bolmadyk ýarag ulanmak, raýat ýerlerini bombalamak, şäher infrastrukturasyny weýran etmek, hassahanalara, bilim edaralaryna hüjüm etmek we Gaza zolagyna ynsanperwer kömeginiň girmeginiň öňüni almak ýaly dürli söweş jenaýatlaryny edip Palestina halkynyň genosidini dowam etdirýär.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Palestinanyň bosgunlara kömek we iş üpjünçiligi gullugynyň (UNRWA) baş komissary Filip Lazzarini, X sosial ulgamynda ulanyjy sahypasynda Gaza zolagynyň ähli ýaşaýjylarynyň diri galmak üçin ynsanperwer kömegine mätäçdigini we bu goşantlar gaty az we çäklendirmeler köpelendigini ýazdy.

Ýakynda Ysraýyl söweşijileri tarapyndan ynsanperwer kömek kerwenlerini partlatmagyň suratlary çap edildi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi 7-nji oktýabrdan bäri sionist režimiň Gaza zolagyna hüjüm etmegi netijesinde 31112 palestinalynyň şehit bolandygyny we 72,760 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Tags