Jan 29, 2024 13:53 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Içeri işler ministrligi: Yrakly ýa-da Ýmemen söweşijileriniň kanuny hüjümlerini Eýranyň üstüne oklamak duşmançylyk ýüzündendir

Eýranyň içeri işler ministriniň howpsuzlyk we tertip-düzgün goraýjy ministriniň orunbasary Eýran Yslam Respublikasynyň nirede we islendik sahnada hereket edýändigini batyrgaýlyk bilen yglan edýändigini aýdyp Yrak we Yemen söweşijileriniň kanuny hüjümlerini Eýrana degişli etmegi duşmançylykly hereket hasaplady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Siriýa Arap respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň çakylygy boýunça bu ýurda giden "Saýed Majid Mirahmadi" Siriýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Bu duşuşykda iki tarap howpsuzlyk hyzmatdaşlygy komitetiniň islenýän meseleler boýunça geçirilmegi, şol sanda polisiýa maksatly taýýarlyk we jenaýat işlerinde hünär derejesini ýokarlandyrmak, neşe serişdelerine garşy göreş, kiber jenaýatlaryna garşy göreş, howpsuzlyk krizisini dolandyrmak, Siriýada ýaşaýan eýranlylaryň problemalary we beýleki meseleleri barada Gyzyklanýan ugurlar barada pikir alyşdylar we şu ugurlarda Ylalaşyklara hem gol çekdiler.

Tags